- ýarymçyk
- [ýa:rymçyk]Ýarpy-ýalta, doly däl, doly bolmadyk.∙ Kitaplar ýazylman ýarymçyk galdy, Müňläp sahypalar tomda saraldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Şol kagyzlaryň her birinde aýratyn üns bilen ýazylan, emma yzy gutarman ýarymçyk galdyrylan sözlemler görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)∙ Durdymyrady «çen edip görkezip bilerin» diýet umyt bilen Şirin ýüzüni birinji gezek ýarymçak açdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem ýarymçyk - ýarymçygy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.